Baýden Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Söhbetdeşlikde özara meseleler boýunça pikir alyşyldy

1613925
Baýden Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Ukraina “durnukly goldawynyň”dowam etjekdigini aýtdy.

Ak Tamdan berilen ýazmaça beýannamada Baýden bilen Zelenskiýniň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendikleri habar berildi.

Beýannamada: “Prezident Baýden telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Donbassda we Krymda dowam edýän basybalyjylygyna garşy ABŞ-nyň Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini durnukly goldaýandygyny ýenede bir gezek nygtady” diýilýär.

Ak Tamyň Metbugat sekretary Ýen Psaki bolsa Russiýanyň ýalňyş maglumat berýändigi hakyndaky habarlar barasynda: “Russiýanyň geçmişde Ukraina garşy basybalyjylygy boýunça dezinformasiýa kampaniýasyny alyp baran kino-filmini ozalam görüpdik” diýdi.

Psaki Ak Tamda geçiren metbugat ýygnagynda Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlyk bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny beýan edip: “Şertler bizi aladalandyrýar. Bu meselede taraplar we ýewropaly hyzmatdaşlarymyz bilen aragatnaşygymyzy dowam etdireris” diýdi.

Ukrainanyň Baş ştabynyň Başlygy Ruslan Homçak 30-njy martda Ukrainanyň Parlamentinde sözlän sözünde rus ýaragly güýçleriniň harby türgenleşik geçirmek bahanasy bilen Ukraikanyň serhetlerinin golaýyna harby bölümlerini getirýändigini beýan edipdi.

Ukrainanyň gündogaryndaky Donbass welaýatynda garaşsyzlygyny yglan edendigini aýdýan Russiýanyň tarapynda durýan ekstremistler bilen resmi Kiýewiň arasynda 2014-nji ýyldan bäri çaknyşyklar dowam edýär.

Çaknyşyklarda 13 müňden gowrak adamyň ýogalandygy aýdylýar.



Degişli Habarlar