ÝB wekiliýeti Türkiýä sapar gurar

Ýewropa Bileleşigi wekiliýeti öňümizdäki hepde Türkiýä sapar gurar

1610677
ÝB wekiliýeti Türkiýä sapar gurar

ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen 6-njy aprelde Türkiýä sapar gurarlar. 

ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň metbugat sekretary Barend Leýts, ÝB wekiliýetiniň Türkiýä gurajak saparyň gününi sosial media hasabyndan mälim etdi. 

Barend Leýts, Şarl Mişeliň we Ursula fon der Lýaýeniň 6-njy aprelde Türkiýede Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirjekdiklerini habar berdi. 

Şarl Mişel, geçen hepde geçirilen ÝB Liderler maslahatyndan soň Türkiýä aprel aýynda sapar guramak üçin türk resmiler bilen aragatnaşyk içindediklerini beýan edipdi, emma saparyň haçan guraljakdygy barada maglumat bermändi. 

ÝB Liderler maslahatynda ykdysadyýet, bosgun, jemgyýetler arasy aragatnaşyk we syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi barada karara gelinipdi. 



Degişli Habarlar