Jonson Baýden Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Iki lider telefon söhbetdeşliginde howa çalşygy, koronawira garşy göreş, Eýran we Hytaý meselerinde pikir alyşdy
Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Britaniýanyň hökümet ofisinden berilen beýannama görä Jonson bilen Baýdeniň telefon söhbetdeşliginde howa çalşygy, koronawira garşy göreş, Eýran we Hytaý meselerinde pikir alyşyldy.
Pandemiýa garşy göreş hakynda pikir alyşan liderler, ýurtlarynda koronawirus sanjymynyň ýetirilmegi boýunça ýetilen sepgit barasynda maglumat alyşdylar.
Jonson telefon söhbetdeşliginde sanjymyň global elýeterliligiň üpjün edilmeginiň Kovid-19 pandemiýasyndan halas bolmagyň çykalgasy boljakdygyny beýan etdi.
Liderler aprel aýynyň 22-23-i aralygynda onlaýn ulgamda geçiriljek Howa çalşygy sammiti we Şotlandiýanyň Glasgow şäherinde geçiriljek BMG-niň Howa çalşygy hakyndaky konwensiýasyna tarap bolup durýan ýurtlaryň 26-njy Msalahaty boýunça maksatlaryny gürrüň berdiler.
Halkara meseleler hakynda pikir alyşan liderler, Eýranyň ýadro ylalaşygyna dolanyp gelmegi boýunça ylalaşdylar.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.