Jo Baýden, Erdogany Howa Çalşygy Boýunça Maslahata Çagyrdy

Prezident Erdogana hat ýazan Jo Baýden, hatynda Erdogany Howa çalşygy boýunça maslahata çagyrdy

1609381
Jo Baýden, Erdogany Howa Çalşygy Boýunça Maslahata Çagyrdy

 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Prezident R. T. Erdogany aprel aýynyň 22-23-i aralygynda geçiriljek Howa çalşygy boýunça naslahata çagyrdy.

Prezident R. T. Erdogana hat ýazan Jo Baýden, hatynda Erdogany Howa çalşygy boýunça maslahata çagyrdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hatynda mundan başgada täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan türk raýatlarynyň hossarlaryna we türk halkyna duýgudaşlyk bildirýändigini nygtady.

Jo Baýdeniň, onlaýn ulgamda geçiriljek maslahata Prezident Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin we hytaýly kärdeşi Sinpin bilen birlikde 40 ýurduň liderini çagyrandygy nygtaldy.

Maslahatyň noýabr aýynda geçiriljek BMG-nyň Howa çalşygy konferensiýasynyň öňüsyrasynda geçirilmegi diýseň möhüm.

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp 2017-nji ýylda ABŞ-nyň Pariž Howa çalşygy şertnamasyndan çekiljekdigini mälim edipdi we ABŞ 2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda resmi taýdan şertnamadan çekilipdi.

Jo Baýdeniň wezipesine başlamagy bilen ABŞ ýanwar aýynda ýanadandan şertnamany kabul etdi.



Degişli Habarlar