Baý we Ýoksul Ýurtlaryň Arasynda Kovid-19 Sanjymy Meselesinde Uly Aratapawut Bar

"Käbir ýurtlar ilatyna Kovid-19 sanjymyny etdirmek üçin göýä diýersiň biri-biri bilen bäsleşýär"

1606780
Baý we Ýoksul Ýurtlaryň Arasynda Kovid-19 Sanjymy Meselesinde Uly Aratapawut Bar

 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş müdüri Tedros Adhanom Ghebreýesus, baý ýurtlar bilen ýoksul ýurtlaryň arasynda Kovid-19 sanjymynyň elýeterliligi taýdan uly aratapawudyň bardygyny aýtdy.

Tedros Adhanom Ghebreýesus,  guramanyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki merkezinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly metbugata beýannama berdi.

Käbir ýurtlaryň ilatyna Kovid-19 sanjymyny etdirmek üçin göýä diýersiň biri-biri bilen bäsleşýändigini aýdan Tedros Adhanom Ghebreýesus, az girdejili ýurtlarda bolsa heniz sanjymlama tapgyrynyň başlamandygyny nygtady.

Günorta Koreýanyň girdejisiniň ýokary bolandygyna garamazdan, sanjym öndürýän ýurtlar bilen şertnama baglaşmandygyny we diňe COVAX-dan geljek sanjymlara garaşýandygyny aýdan Ghebreýesus,  Günorta Koreýany baý ýurtlara görelde hökmünde görkezdi.



Degişli Habarlar