Idlib Rus Harby Uçarlary Tarapyndan Nyşana Alyndy

Howa hüjüminde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 2 adam hem ýaralandy.

1605642
Idlib Rus Harby Uçarlary Tarapyndan Nyşana Alyndy

 

Russiýa degişli harby uçarlaryň Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Idlib welaýatyna guran howa hüjüminde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 2 adam hem ýaralandy.

Oppozisionerler, Russiýa degişli harby uçarlaryň, Idlibiň Sarmada etrapçasy bilen Hataýyň Reýhanly etrabynyň garşysynda ýerleşýän Babul etrapçasynyň golaýynda howa gümrük geçelgesine we M4 gara ýoluna hüjüm gurandygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan, Ortaýer deňizinden atylan balistiki raketa hem Idlibiň Türkiýe serhedinden 3 kilometr alysda ýerleşýän Kah obasynda Siriýanyň Milli goşunynyň karargähiniň golaýyna düşdi.

Ady agzalýan hüjümlerde ilkinji kesgitlemelere görä, asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 2 adam hem ýeňil ýaralandy.



Degişli Habarlar