Awstriýada rasizme we diskriminasiýa garşy demonstrasiýa geçirildi

Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde müňlerçe adamyň gatnaşmagynda rasizme we diskriminasiýa garşy demonstrasiýa geçirildi

1605273
Awstriýada rasizme we diskriminasiýa garşy demonstrasiýa geçirildi

21-nji mart Halkara Rasizme garşy göreş güni mynasybetli geçirilen demonstrasiýada "Rasizme garşy gozgalaň turuz", "Ýok bolsun rasizm we faşizm", "Serhetler açylsyn" ýazylan ýazgyly şygarlar açyldy.

Wena şäheriniň gelim-gidimli meýdançalarynyň biri bolan Kralsplatz meýdançasyna ýygnanan demonstrantlar üçin gurulan sahnada rasizme we diskriminasiýa garşy çykyşlar edildi.

Ol ýerde çykyş eden musulman aktiwist Asma Aiad, rasizmiň gündelik durmuşyk ähli ugurlarynda duýulýandygyny, dowamly we köptaraplaýyn göreşiň ähmiýetlidigini belläp geçip: "Rasizm köp dürli ýüze eýe bolmak bilen birlikde, olaryň ählisi nejis" diýip nygtady.

Volkshilfe atly jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Erik Fenninger bolsa, biri-birinden tapawutly syýasy güýçleriň öz bähbitleriniň çäginde jemgyýedi manipulýasiýa etmek üçin gowşak toparlary we azlyklary ulanýandyklaryny mälim etdi. Fenninger rasizmiň adaty hukuklary ortadan aýyrýandygyny, adamlaryň ýaşaýyşlaryna çuňňur täsir ýetirýändigini nygtap: "Rasist bolmazlyk ýeterlik däl, rasizme garşy göreş alyp barmak gerek. Adalatly we deňhukukly bir dünýä üçin ýaşaýyşyň ähli ugurlary boýunça göreş alyp barmalydyrys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar