Mýanmada Geçirilýän Ýörişlerde Ýogalýanlaryň Sany Köpelýär

Düýn agdarlyşyga garşy geçirlen ýörişlerde aşa güýç ulanmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 33 adama ýetdi.

1594651
Mýanmada Geçirilýän Ýörişlerde Ýogalýanlaryň Sany Köpelýär

 

Mýanmada howpsyzlyk güýçleriniň düýn agdarlyşyga garşy geçirlen ýörişlerde aşa güýç ulanmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 33 adama ýetdi.

AP-nyň ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde esaslanýan habarynda, ýurtda harby agdarlyşyga we saýlanan hökümetiň agzalarynyň saklanmagyna garşy geçirlen protest ýörişlerinde, howpsyzlyk güýçleriniň protestçylara garşy hakyky gülle ulanandygy nygtaldy.

Habarda howpsyzlyk güýçleriniň gülleri sebäpli Ýangonda, Salinde, Mandalaýda, Mawlamýinede we Kalaýda 33 adamyň ýogaldygy nygtaldy.

Howpsyzlyk güýçleriniň žurnalistler bilen birlikde ýüzlerçe adamy hem saklandygy bellenildi.

Mýanmanyň goşuny, özüne ýakyn syýasy töwerekleriň 2020-njy ýylyň 8-nji noýabrynda geçirlen saýlawda galplyk edilendigi hakyndaky garaýyşlary we ýurtda syýasy dartgynlygyň artmagy sebäpli 1-nji fewralda häkimiýeti ele geçiripdi.



Degişli Habarlar