Gresiýada 5,9 Bal Ululygynda Ýer Titremesi Boldy

5,9 bal ululygyndaky ýer titremesinden 3 minut soň 4,4 bal ululygynda ikinji ýer titremesi boldy

1594393
Gresiýada 5,9 Bal Ululygynda Ýer Titremesi Boldy

Gresiýanyň Larissa şäherinde 5,9 bal ululygynda ýer titemesi boldy.

Gresiýanyň Ýer bilimleri instituty ýer titremesiniň şäher merkeziniň 24 kilometr demirgazyk günbatarynda, ýeriň 15 kilometr aşagynda bolandygyny habar berdi.

5,9 bal ululygyndaky ýer titremesinden 3 minut soň 4,4 bal ululygynda ikinji ýer titremesi boldy.

Ýer titremesinde ýogalanyň ýada ýaralananyň bolup bolmandygy hakynda heniz hiç hili maglumat berildi.

Beýleki tarapdan AFAD Gresiýada 6,2 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar