Ermenistanda Nikol Paşinýana Garşy Durýan Protestçylar Hökümet Binasyna Girdi

Premýer ministr Paşinýan düýn Fajebook arkaly eden çykyşynda şu gün ýörişiň geçirilmegi üçin çagyryş berdi.

1592790
Ermenistanda Nikol Paşinýana Garşy Durýan Protestçylar Hökümet Binasyna Girdi

 

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Premýer ministr Nikol Paşinýana garşy durýan protestçylar hökümet binasyna girdi.

RIA habarlar gullugynda berlen habara göra, Paşinýanyň wezipesinden çekilmegini isleýän protestçylaryň bir bölegi hökümet binasyna girdi.

Beýleki tarapdan Ermenistanyň Premýer ministri Paşinýan harby goşunyň özüniň wezipesinden çekilmegi üçin beren çagyryşyndan soň “ýurduň demokratik we legal ulgamyny goramak üçin” mitingiň geçirilmegi barada çagyryş berdi.

Premýer ministr Paşinýan düýn Fajebook arkaly eden çykyşynda şu gün ýörişiň geçirilmegi üçin çagyryş berdi.

25-nji fewralda Ermenistanyň goşunlary Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy agdarlyşyk etmäge synanşypdy.

Premýer ministr Paşinýan bolsa halky köçä çykmaga çagyrypdy we Baş ştabyň başlygy Onik Gasparýany wezipesinden boşadandygyny mälim etdi. Emma Prezident Armen Sarkisýan Gasparýanyň wezipesinden boşadylmagy hakyndaky kararnamasy ret etdi.



Degişli Habarlar