BAE-niň Ilkinji Ilçisi Tel-Awiwe Gitdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ysraýyldaky ilkinji ilçisi Muhammed Mahmud Al Haja Tel-Awiwe bardy

1592854
BAE-niň Ilkinji Ilçisi Tel-Awiwe Gitdi

Al Hajanyn şu gün Ysraýylyň Prezidenti Ruwen Riwline ynam hatyny gowşurmagyna garaşylýar.

BAE-niň Ilçisiniň şol sanda Premýer-ministri Binýamin Netanýahu we Daşary işler ministri Gabi Aşkenazi bilen hem duşuşjakdygy beýan edildi.

Ysraýyl bilen BAE-niň arasynda 2020-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Ak Tamda geçirilen resmi dabarada “gatbaşyklaryň kadalaşmagy hakyndaky” ylalaşyga gol çekişilipdi.

BAE-niň hökümeti şol ylalaşykdan soň 24-nji ýanwarda ýurdunyň Ysraýyldaky İlçihanasynyň Tel-Awiwde açylmagy hakynda karar kabul edipdi.

Ysraýyl gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyndan soň BAE-nin İlçihanasy üçin Eitan Naehi wagtlaýyn diplomatik wekil hökmünde Abu Daba belläpdi.

 

 



Degişli Habarlar