Ruhani: "Sanksiýa bes edilse gepleşikleriň ýoly açylar" diýdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ-nyň täze hökümetinden ýurduna garşy sanksiýalar bes edilen halatynda gepleşikleriň ýolunyň açyljakdygyny habar berdi

1590147
Ruhani: "Sanksiýa bes edilse gepleşikleriň ýoly açylar" diýdi

Ýurdyň paýtagty Tähran şäherinde Ministrler kabinetiniň mejslinden soň beýanat beren Hasan Ruhani, ýadro ylalaşyk bilen baglanşykly ABŞ-daky täze hökümetiň gowy beýanatlar berendigini we käbir oňyn ädimleri edendigini, emma olaryň ýeterlik bolmandygyny mälim etdi. 

Ruhani: "ABŞ-nyň täze hökümeti ykdysady terrory bes etmelidir. Şony eden mahaly ýol açylar. Ana şol wagt gepleşikler geçirilip biliner. Ýadro ylalaşygyna ýene-de 2 maddanyň goşulmagy mümkin däldir" diýip beýan etdi. 

Hasan Ruhani, gepleşikler stolunda bolmagyň ýolunyň Halkara Atom energiýasy agentligi bilen hyzmatdaşlykdan geçýändigini aýan etdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #ýadro , #gepleşikler , #Eýran

Degişli Habarlar