Liwiýanyň Içeri Işler Ministri Fethi Başaganyň Ulagyna Guralan Hüjüm Ýazgaryldy

Içeri işler ministriniň ulag kerwenine guralan hüjümde ýaralan adam üçin duýgudaşlyk bildirildi.

1587903
Liwiýanyň Içeri Işler Ministri Fethi Başaganyň Ulagyna Guralan Hüjüm Ýazgaryldy

Liwiýanyň täze hökümeti, Içeri işler ministri Fethi Başaganyň janyna kast edilmäge synanşylmagyny ýazgardy.

Liwiýanyň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýde, Twitterden beren beýannamasynda, Içeri işler ministri Fethi Başaganyň janyna kast edilmäge synanşylmagyny berk ýazgarýandyklaryny aýtdy.

Beýannamada adalat organlaryna we howpsyzlyk güýçlerine wakanyň jogapkärleriniň tapylmagy üçin giň gerimli barlag işiniň geçirilmegi barada çagyryş berildi.

Beýannamada, Içeri işler ministriniň ulag kerwenine guralan hüjümde ýaralan adam üçin duýgudaşlyk bildirildi.

Liwiýanyň Ýokary Döwlet geňeşi tarapyndan berlen beýannamada, Janzur etrabynda Içeri işler ministriniň ulagyna ot açylmagynyň ýazgarylýandygy bellenildi.

Liwiýanyň Içeri işler ministrligi, Içeri işler ministri Fethi Başaganyň 21-nji fewralda ýekşenbe güni ýerli wagt bilen 15.00 töweregi paýtagt Tripoliniň günbatarynda ýerleşýän Janzur etrabyndaky öýüne barýarka ulagyna agyr ýaraglar bilen ot açylandygyny habar beripdi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada,  Ministr Fethi Başaganyň hüjümden halas bolandygy nygtalypdy.



Degişli Habarlar