Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 87 million 331 müň adama ýetdi

1587946
Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 478 müň 170 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 111 million 962 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 87 million 331 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 72 adam artyp, jemi 156 müň 418 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa soňky 1 günde 13 müň 704 adam artyp, jemi 11 million 5 müň 850 adama ýetdi. 

Afrika materiginde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 101 müň adamdan geçdi. Materikde wirus ýokanlaryň sany bolsa 3 million 850 müň 713 adama ýetdi. Afrikada Kowid-19 wakalary esasan hem Günorta Afrika Respublikasy, Marokko, Tunis, Efiopiýa we Nigeriýa ýaly ýurtlarda hasaba alyndy. Materikde Ruanda, Marokko, Alžir, Müsür, Seýşel adalary, Mawrikiý we Ekwador Gwineýasy ýaly ýurtlarda köpçülikleýin sanjym işleri başladyldy. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 7 müň 417 adamyň ýogalan, 424 müň 507 adamyň wirusa ýolugan Ýaponiýada, ýokary okuw jaýlarynda okaýan 5 müň 800 talybyň aprel-dekabr aýlary aralygynda koronawirus sebäpli arakesme berendigi ýüze çykdy. 



Degişli Habarlar