ABŞ-da aşa sowuk howa sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

ABŞ-da aşa sowuk howalar sebäpli ýogalanlaryň sany 70 adama ýetdi

1588218
ABŞ-da aşa sowuk howa sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Başda Tehas ştaty bolmak bilen ýurdyň ençeme şäherinde adamlar elektrik tokdan we gündelik durmuş üçin gerek bolan zerurlyklardan mahrum galdylar,  gipotermiýa sezewar bolýan adamlaryň sany bolsa artdy. 

Ýurt derejesinde kömürturşy gazdan zäherlenip we gipotermiýa sezewar galyp ýogalýan adamlaryň sany barha artýar. 

Elektrik toklaryň kesilen we ýeterlik derejede yssy howanyň üpjün edilip bilinmeýän Tehas ştatynda, 11 ýaşyndaky bir çaganyň düşeginde bedeniň gyzgynlygyň tiz wagtda peselmegi sebäpli ýogalandygy mälim edildi. 

Ýurt derejesinden azyndan 77 gipotermiýa hadysasynyň bellige alynandygy habar berildi. 

New York Times gazedi, Tehas ştatynda kislorod ballonynyň kömegi bilen ýaşap ýören 75 ýaşyndaky Karrol Anderson atly bir syrkaw adamyň elektrik toklaryň kesilmegi bilen ýogalandygyny mälim etdi. 

Tehas şatatynyň resmileri, suw arassalaýyş merkezlerine hem ýaramaz täsir ýetiren elektrik tok kesilmeleri sebäpli raýatlardan kranlardan alynýan suwlary içmeden ozal gaýnatmaklaryny islediler. 


Etiketkalar: #Tehas , #sowuk howa , #ABŞ

Degişli Habarlar