Russiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 82 müň 396 adama ýetdi

Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 4 million 139 müň 31 adama ýetdi

1586999
Russiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 82 müň 396 adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 454 müň 216 adama, wirus ýokanlaryň sany 110 million 929 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 85 million 871 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 85 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalanlaryň sany 156 müň 123 adama ýetdi. Hindistanda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 13 müň 745 adamlyk artyş bilen 10 million 963 müň 394 adama ýetdi.

Russiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 82 müň 396 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 4 million 139 müň 31 adama ýetdi. 

Adam ýitgisi 13 müň 220 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 657 müň 453 adama ýeten Yrakda, koronawirusyň Britaniýada ýüze çykan görnüşiniň anyklanmagyndan soň Kerkük şäherinde köçä çykmak gadagançylygy girizildi. 

Gazadaky Palestinanyň Içeri işler ministrligi, koronawirus epidemiýasy bilen bagly görülen çäreleriň ýekşenbe gününden başlap gowşadylmaga başlanjakdygyny habar berdi. Gazada we Günbatar Şeriada koronawirus sebäpli 2 müň 155 adam ýogaldy, 193 müň 418 adam bolsa hasaba alyndy. 

Ugandanyň hökümeti koronawirus epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen 36 million doza Oxford uniwersitedi we AstraZeneka kärhanasy tarapyndan öndürilen sanjym sargady. Ýurtda Kowid-19 sebäpli 1420 adam ýogaldy, 35 müň 543 adam bolsa wirusa ýolukdy. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli 1550 adamyň ýogalan, 86 müň 128 adamyň hasaba alynan Günorta Koreýada kafeleriň we restoranlaryň 240 eýesi, koronawirus çäklendirmelerinden gözbaş alýan zyýanlarynyň öweziniň dolunmagy üçin döwlete garşy kazyýete ýüz tutdy. Işewür adamlar zyýanlarynyň öwezleriniň dolunmagy üçin döwletden 1,08 million dollar pul talap etdiler. 



Degişli Habarlar