Russiýa, Estoniýaly Diplomady Ýurtdan Çykardy
“Ilçä, Estoniýaly diplomadyň ýurtdan çykarylýandygy hakynda protest notasy berildi”
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, Estoniýanyň Moskwadaky ilçihanasynda işleýän bir diplomady ýurtdan çykarandyklaryny aýtdy.
Zaharowa, paýtagt Moskwada wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly metbugata beren beýannamasynda, Estoniýanyň ozal Russiýanyň Tallindäki ilçihanasynda işleýän rus diplomady ýerliksiz “islenmeýän adam” hökmünde yglan edendigini ýatlatdy.
Estoniýanyň Moskwadaky ilçisiniň Russiýanyň Daşary işler ministrligine çagyrlandygyny aýdan Zaharowa, “Ilçä, Estoniýaly diplomadyň ýurtdan çykarylýandygy hakynda protest notasy berildi” diýdi.
Degişli Habarlar
Italiýada lagym suwlaryny arassalaýjy desgada heläkçilik başdan geçirildi
Wakanyň näme sebäpli başdan geçirilendigi barada entek resmi beýanat berilmedi
Putin kasam edip wezipesine başlady
Russiýada Wladimir Putin kasam edip 8-nji gezek prezident wezipesine resmi ýagdaýda başlady