NATO, Garada Şehit Edilen 13 Türk Raýaty Üçin Duýgudaşlyk Bildirdi

Ýens Stoltenberg, Garada “13 türk raýatynyň öldürilmegini ýazgarýandyklaryny” nygtady

1585782
NATO, Garada Şehit Edilen 13 Türk Raýaty Üçin Duýgudaşlyk Bildirdi

 

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Garada “13 türk raýatynyň öldürilmegini ýazgarýandyklaryny” nygtap, hyzmatdaşlaryň türk halkyna duýgudaşlyk bildirýändigini aýtdy.

Ýens Stoltenberg, wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynyň birinji günündäki oturluşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Yragyň demirgazygynda 13 türk raýatynyň ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan şehit edilmegi hakyndaky soraga jogap beren Stoltenberg, Türkiýä duýgudaşlyk bildirdi.

Gyrgynçylygy berk ýazgarandygyny nygtan Stoltenberg, “Hyzmatdaşlar, Goranmak ministrleriniň şu günki maslahatynda türk halkyna duýgudaşlyk bildirdiler” diýdi.



Degişli Habarlar