Siriýanyň Bab etrabynda bombaly terrorçylykly hüjüm guraldy

Wakada asuda ilatdan 1 adam ýogaldy

1585402
Siriýanyň Bab etrabynda bombaly terrorçylykly hüjüm guraldy

Siriýanyň demirgazygyndaky Bab etrabynda ulaglaryň biriniň içine ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy. 

Terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä şeýle hem asuda ilatdan 3 adam ýaralandy. 

Ýaralanan adamlar etrapdaky hassahanalara gönükdirildiler. 

Ýangyn söndüriji toparlar partlamadan soň ýüze çykan ýangyny söndürmek işlerine girişdiler. 

Partlamanyň täsiri bilen golaýdaky ulaglara we dükanlara hem zyýan ýetdi. 

Wakanyň bolan ýerinde derňew işini geçiren ýerli howpsuzlyk güýçleri, hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralan bolup biljekdigini bellediler. 


Etiketkalar: #Siriýa , #bombaly hüjüm , #Bab

Degişli Habarlar