Kowid-19 epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 84 million 127 müň adama ýetdi

1584255
Kowid-19 epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2million 418 müň 825 adama, wirus ýokanlaryň sany 109 million 677 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 84 million 127 müň adama ýetdi.

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 155 müň 840 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 925 müň 710 adama ýetdi. 

Basyp alyşlyk we gabaw astyndaky Palestina topraklarynda epidemiýa sebäpli 537-si Gazada bolmak bilen jemi 2 müň 133 adam ýogaldy, 53 müň 593-i Gazada bolmak bilen jemi 190 müň 316 adam bolsa wirusa ýolukdy. Beýleki tarapdan Palestinanyň Saglygy goraýyş ministri Meý Keýle, ugradan koronawirus sanjymlarynyň Ysraýylyň resmileri tarapyndan Gaza salynmagyna rugsat berilmändigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar