Britaniýa Koronawirus Epidemiýasynyň Ýewropadaky Merkezi Bolmaga Dowam Edýär

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 167 müň 500 adamdan geçdi

1571981
Britaniýa Koronawirus Epidemiýasynyň Ýewropadaky Merkezi Bolmaga Dowam Edýär

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 167 müň 500, wirusa ýoluganlaryň sany 100 million 853 müň, sagalanlaryň sany 72 million 891 müň adamdan geçdi.

ABŞ-da epidemiýa sebäpli 435 müň 452 adam ýogaldy, 26 million 11 müň 222 adam hem hasaba alyndy. Prezident Jo Baýden, Pfizer we Moderna firmalarynyň her birinden ýene-de 100 million doza sanjym aljakdyklaryny aýtdy. Baýden “Tomus aýlarynyň ahyryna ýa-da güýç aýlarynyň başyna çenli 300 million amerikala ýeter ýaly sanjym alarys” diýdi.

Ispaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde soňky 8 aýdan bäri ilkinji gezek 591 adam artyp 56 müň 799,  wirusa ýoluganlaryň sany 36 müň 435 adam artyp 2 million 629 müň 817 adama ýetdi. Ispan derman firmasy PharmaMaryň koronawirusa garşy öndüren dermanynyň netijesiniň haýwanlarda geçirlen synagynda 99 göterime barabardygy kesgitlendi.

Fransiýada wirus sebäpli 74 müň 106 adam ýogaldy, 3 million 79 müň 943 adam hem hasaba alyndy.

Britaniýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 1631 adam artyp 100 müň 162, wirusa ýoluganlaryň sany 20 müň 89 adam artyp 3 million 689 müň 746 adama ýetdi. Britaniýa koronawirus epidemiýasynyň Ýewropadaky merkezi bolmaga dowam edýär.

Germaniýada Baýreuth hassahanasy Kovid-19-yň has çalt ýokaşýan görnüşü bolan B117 sebäpli karantina alyndy. Nemes hökümeti koronawirusyň has çalt ýokaşýan görnüşiniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen ýurda gelýänleriň sanyny çäklendirmek isleýär.

Koronawirus sebäpli:

Braziliýada 218 müň 878

Meksikada 152 müň 16

Argentinada 47 müň 253

Kolumbiýada 52 müň 128

Peruda 40 müň 107

Çilide 18 müň 23

Ekwadorda 14 müň 668

Boliwýada 10 müň 105 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar