Nigeriýanyň golaýynda hüjüme sezewar bolan gämide ýogalan azerbaýjanly Librewil şäherine geçirildi

Nigeriýanyň suw giňişliginde hüjüme sezewar bolan Mosart atly gäminiň ekipažyndan, ýogalan Azerbaýjanyň raýaty bolan agzasy, ýörite uçar bilen Gabonyň paýtagty Librewil şäherine geçirildi

1571580
Nigeriýanyň golaýynda hüjüme sezewar bolan gämide ýogalan azerbaýjanly Librewil şäherine geçirildi

Türkiýäniň Librewil şäherindäki ilçihanasynyň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Azerbaýjanly doganymyzyň jynazasy Gabon döwletiniň Prezidentligi tarapyndan üpjün edilen ýörite uçar bilen Port-Žantil şäherinden ýurdyň paýtagty Librewil şäherine geçirildi. Ilçi Nilüfer Erdem Kaýgysyz hem şol uçarda" diýip mälim edildi. 

Beýanatda ilçi Kaýgysyzyň wakanyň başyndan bäri beren goldawlary üçin Gabon döwletiniň resmilerine minnetdarlyk bildirendigi habar berildi. 

Liberiýanyň baýdagyny göterýän Mosart atly gämi 23-nji ýanwarda Nigeriýanyň Lagos şäheriniň takmynan 180 km uzaklygynda suw giňişliginde deňiz garakçylarynyň hüjümine sezewar galypdy. 

Logos şäherinden Günorta Afrika döwletiniň Keýptaun şäherine barýan gämidäki 19 adamlyk ekipaždan 15-si zamun alynypdy, Azerbaýjanyň raýaty bolan 1 adam bolsa öldürilipdi. 



Degişli Habarlar