Kowid-19 epidemiýasyna ýolugan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirusden soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 71 million 841 müň adama ýetdi

1570643
Kowid-19 epidemiýasyna ýolugan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 140 müň 480 adama, wirus ýokanlaryň sany 99 million 839 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 71 million 841 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 153 müň 508 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 668 müň 674 adama ýetdi. 

Ýaponiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 5 müň 133 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 366 müň 435 adama ýetdi. Ýurtda Kowid-19 sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edilen 11 welaýatda, wirus testi položitel çykan 15 müňden gowrak adamyň hassahanalara ýatyrylmak ýa-da myhmanhanalara ýerleşdirilmek üçin nobata garaşýandygy aýan edildi. 

Epidemiýa sebäpli 8 müň 959 adamyň ýogalan Müsürde Hytaýdan alynan Sinopharm sanjymynyň ilkinji dozalarynyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerine edilmäge başlanandygy mälim edildi. 

Tunisde Kowd-19 epidemiýasy sebäpli 6 müň 234 adam ýogaldy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 197 müň 373 adama ýetdi. Tunisiň Daşary işler ministri Osman al-Jerendiniň koronawirus testi položitel çykdy. 

Koronawirus sebäpli 4 müň 437 adamyň ýogalan, 601 müňden gowrak adamyň hasaba alynan Ysraýylda, Kowid-19-yň mutasiýa sezewar bolan görnüşiniň ýurtda ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak üçin daşary ýurtdan guralmagy meýilleşdirilen uçar saparlarynyň 31-nji ýanwara çenli togtadylmagy barada karara gelindi. 

Dünýäniň beýleki käbir ýurtlarynda koronawirus epidemiýasy sebäpli çekilen adam ýitgileri: Russiýada 69 müň 918 adam, Eýranda 57 müň 481 adam, Günorta Afrikada 40 müň 874 adam, Indoneziýada 28 müň 132 adam, Yrakda 12 müň 993 adam, Pakistanda 11 müň 318 adam we Filippinlerde 10 müň 292 adam ýogaldy. 


Etiketkalar: #dünýä , #koronawirus

Degişli Habarlar