Kowid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 71 million 764 müň adama ýetdi

1570272
Kowid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 139 müň 43 adama, wirus ýokanlaryň sany 99 million 777 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 71 million 764 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 153 müň 508 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 668 müň adama ýetdi. 

Ýaponiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 5 müň 133 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 366 müň 435 adama ýetdi. Ýurtda Kowid-19 sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edilen 11 welaýatda, wirus testi položitel çykan 15 müňden gowrak adamyň hassahanalara ýatyrylmak ýa-da myhmanhanalara ýerleşdirilmek üçin nobata garaşýandygy aýan edildi. 

Epidemiýa sebäpli 8 müň 959 adamyň ýogalan Müsürde Hytaýdan alynan Sinopharm sanjymynyň ilkinji dozalarynyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerine edilmäge başlanandygy mälim edildi. 

Tunisde Kowd-19 epidemiýasy sebäpli 6 müň 234 adam ýogaldy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 197 müň 373 adama ýetdi. Tunisiň Daşary işler ministri Osman al-Jerendiniň koronawirus testi položitel çykdy. 

Dünýäniň beýleki käbir ýurtlarynda koronawirus epidemiýasy sebäpli çekilen adam ýitgileri: Russiýada 69 müň 462 adam, Eýranda 57 müň 383 adam, Günorta Afrikada 40 müň 874 adam, Indoneziýada 27 müň 835 adam, Yrakda 12 müň 993 adam, Pakistanda 11 müň 318 adam we Filippinlerde 10 müň 242 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar