Hindistanda Hasaba Alynan Kesellileriň Sany 10 Million 655 Müň 435 Adamdan Geçdi

Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 99 million 329 müň, sagalanlaryň sany 71 million 383 müň adamdan geçdi

1569753
Hindistanda Hasaba Alynan Kesellileriň Sany 10 Million 655 Müň 435 Adamdan Geçdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 130 müň 425, wirusa ýoluganlaryň sany 99 million 329 müň, sagalanlaryň sany 71 million 383 müň adamdan geçdi.

Hindistanda epidemiýa sebäpli 153 müň 376 adam ýogaldy, hasaba alynan kesellileriň sany 10 million 655 müň 435 adamdan geçdi.

Tunisde koronawirus sebäpli 6 müň 154 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany195 müň 314 adama ýetdi. Ýurtda köçä çykmak gadagançylygynyň möhledi 14-nji fewrala çenli uzadyldy.

Koronawirus Ysraýylda 4 müň 341 adamyň ýogalmagyna, 593 müň 961 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy. Ýurtda koronawirusyň has çalt ýokaşýan görnüşine gabat gelindi.



Degişli Habarlar