Kowid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 69 million 965 müň adama ýetdi

1568534
Kowid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 85 müň 745 adamdan geçdi. Dünýäde wirus ýokanlaryň sany 97 million 403 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 69 million 965 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 152 müň 906 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 611 müň 719 adama ýetdi. 

Hytaýda wirusa ýoluganlaryň sany gündelik 150 adama golaýlap gelýän günleri, ýurdyň paýtagty Pekin şäherinde daşary ýurtdan gelen adamlar üçin girizilen karantin düzgüni 14 günden 28 güne çenli köpeldildi. Hytaýda koronawirusyň ýüze çykan ilkinji gününden bäri ýogalanlaryň sany 4 müň 635 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 88 müň 701 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 1 müň 316 adama ýeten Günorta Koreýada wirusa ýoluganlaryň sany 73 müň 918 adama ýetdi. 

Täjigistanda epidemiýa sebäpli ybadata apylan metjitler 9 aý arakesmden soň 1-nji fewraldan başlap köpçülikleýin ýadgaýda namaz okalar. Ýurtda 90 adam Kowid-19 sebäpli ýogalan bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 13 müň 308 adama ýetdi. 

Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanata görä, soňky 24 sagatda ýene-de 37 adamyň ýogalmagy bilen jemi ýogalanlaryň sany 4 müň 179 adama ýetdi. Ýurtda Kowid-19-a ýoluganlaryň sany bolsa 8 müň 174 adamlyk artyş bilen 578 müň 319 adama ýetdi. Beýleki tarapdan ýurtda 2 million 364 müň 828 adama Kowid-19 sanjymynyň ilkinji dozasy, 691 müň 876 adama bolsa sanjymyň 2-nji dozasy edildi. 

Afrika materiginde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 81 müň 861 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 million 352 müň 823 adama ýetdi. Materikde adam ýitgileri iň köp bolan ýurtlar Günorta Afrika, Marokko, Tunis we Müsür döwletleri. 

Beýleki käbir ýurtlardaky adam ýitgileri: Russiýada 67 müň 832 adam, Eýran 57 müň 150 adam, Günorta Afrika 38 müň 854 adam, Indoneziýa 27 müň 203 adam, Yrak 12 müň 968 adam, Pakistan 11 müň 157 adam. 


Etiketkalar: #koronawirus , #dünýä

Degişli Habarlar