Katolikleriň Ruhani Lideri Koronawirus Sanjymyny Etdirdi
Watikanda sanjym tapgyry düýn başlapdy
1563843
Katolikleriň ruhani lideri we Watikanyň Döwlet Baştutany Papa Fransisk täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen Kowid-19 sanjymyny etdirdi.
Watikanyň Metbugat geňeşçisi Matteo Bruni, “Watikanyň Şäher döwleti tarapyndan başladylan sanjym meýilnamasynyň çäginde Papa Fransisk 1-nji sanjymyny etdirdi” diýdi.
Watikanda sanjym tapgyry düýn başlapdy.
Papa 9-njy ýanwarda beren beýannamasynda koronawirus sanjymyny etdirjekdigini aýdypdy.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.