Özbegistanda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli 617 adam ýogaldy

Özbegistanda koronawirusa ýoluganlaryň sany bolsa 77 müň 663 adama ýetdi

1561880
Özbegistanda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli 617 adam ýogaldy

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 953 müň 425 adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 91 million 339 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 65 million 349 müň adama ýetdi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli 617 adamyň ýogalan, 77 müň 663 adamyň hasaba alynan Özbegistanda, koronawirusyň çalt ýaýraýan täze görnüşiniň gabat gelinen ýurtlardan ýurda giriş gadagançylygy 1-nji fewrala çenli uzadyldy. Şol ýurtlarda bolup, Özbegistana başga bir ýurtdan giren özbek raýatlar bolsa 14 günüň dowamynda karantin merkezlerinde saklanarlar. 

Hindistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 151 müň 364 adama, wirusa ýokanlaryň sany bolsa 10 million 479 müň 913 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 1 müň 629 adamyň ýogalan, 222 müň 391 adamyň hasaba alynan Liwanda 14-nji ýanwardan başlap 10 gün möhlet bilen adatdan daşary ýagdaýyň girizilmegi barada karara gelindi, gerek bolan halatynda şol möhlediň uzadylyp bilinjekdigi habar berildi. Adatdan daşary ýagdaýyň çäginde ähli döwlet we hususy pudaklar bilen birlikde ähli bilim edaralarynyň hem ýapyljak Liwanda, Halkara Refik Hariri howa menzilinden ýurda giriş derejesi 20 göterime çenli azaldylar we her ýolagçydan otrisateldigini görkezýän testiň netijesi talap ediler. 

Koronawirus sebäpli 555 adamyň ýogalan, 138 müň 224 adamyň wirusa ýolugan Malaýziýada, epidemiýa garşy 1-nji awgusta çenli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. 

Afrika materiginde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 72 müň 847 adama ýetdi. Materikde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 million 70 müň 446 adama ýetdi. Afrikada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 33 müň 579 adama, Marokkoda 7 müň 767 adama, Tunisde 5 müň 284 adama we Müsürde 8 müň 249 adama ýetdi. Materikde koronawirusa ýoluganlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 1 million 246 müň 643 adama, Marokkoda 452 müň 988 adama, Tunisde 162 müň 350 adama we Müsürde 150 müň 753 adama ýeter. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli adam ýitgileri Indoneziýada 24 müň 343 adama, Yrakda 12 müň 906 adama, Pakistanda 10 müň 717 adama, Iordaniýada 4 müň 43 adama, Kuweýtde 945 adama, Bahreýnde 356 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar