Hindistanda koronawirusa ýoluganlaryň sany 10 million 479 müň 913 adama ýetdi

Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýar

1561757
Hindistanda koronawirusa ýoluganlaryň sany 10 million 479 müň 913 adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 952 müň 985 adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 91 million 322 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 65 million 317 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 151 müň 364 adama, wirusa ýokanlaryň sany bolsa 10 million 479 müň 913 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 1 müň 629 adamyň ýogalan, 222 müň 391 adamyň hasaba alynan Liwanda 14-nji ýanwardan başlap 10 gün möhlet bilen adatdan daşary ýagdaýyň girizilmegi barada karara gelindi, gerek bolan halatynda şol möhlediň uzadylyp bilinjekdigi habar berildi. 

Koronawirus sebäpli 555 adamyň ýogalan, 138 müň 224 adamyň wirusa ýolugan Malaýziýada, epidemiýa garşy 1-nji awgusta çenli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. 

Afrika materiginde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 72 müň 847 adama ýetdi. Materikde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 million 70 müň 446 adama ýetdi. Afrikada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany Günorta Afrika Respublikasynda 33 müň 579 adama, Marokkoda 7 müň 767 adama, Tunisde 5 müň 284 adama we Müsürde 8 müň 249 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli adam ýitgileri Iordaniýada 4 müň 43 adama, Kuweýtde 945 adama, Bahreýnde 356 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar