Donald Trampyň Kovid-19 testleriniň netijeleri otrisatel çykdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň lukmany, Trampa yzly-yzyna edilen koronawirus testleriniň netijeleriniň otrisatel çykandygyny habar berdi

1507949
Donald Trampyň Kovid-19 testleriniň netijeleri otrisatel çykdy

Ak Tam, Trampyň lukmany Şon Konliniň Kovid-19-a garşy bejergisini Ak Tamda dowam etrdiren Trampyň saglyk ýagdaýy bilen baglanşykly taýarlan habarnamasyny beýan etdi.

Donald Trampyň soňky Kovid-19 testleri barada özüne köp sanda soragyň gelýändigini aýdan Şon Konli: "Trampa birnäçe günläp yzly-yzyna edilen Abbottt BinaxNOW antigen testleri bilen edilen Kovid-19 testleriniň netijeleri otrisatel çykdy" diýip habar berdi. 

Bu testiň häzirki ýagdaýyny kesgitlemek maksady bilen, Prezidentimiziň izolýasiýa tapgyrynda ulanylmandygyny aýdan Konli: "Trampyň häzirki ýagdaýy barada karara gelmek üçin antigen testleri bilen birlikde, goşmaça kliniki we laboratoriýa tarapyndan berilen testleri hem ulandyk" diýip mälim etdi. 

Şon Konli, geçirilen testleriň we ABŞ-nyň Keselillere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň maglumatlarynyň netijesinde, Trampyň beýleki adamlara keseli ýokduryp bilmeýändigi orta goýuldy. 

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Kovid-19-a ýolukmagyndan we bejergi tapgyry tamam bolanyndan soň ilkinji saýlaw mitingini Floridanyň Sanford şäherinde geçirdi. 

Tramp, 3-nji noýabrdaky Prezident saýlawy taýdan tankydy ştatlaryň başynda gelýän Floridada geçiren mitinginde tarapdarlaryna ýüzlenip: "Ozalkymdan has güýçlendim" diýdi. 

Kovid-19 tapgyrynda köp zada göz ýetirendigini aýdan Tramp: "Kovid-19 tapgyryny başymdan geçirdim. Indi meniň immunitedimiň bardygyny aýdýarlar. Özümi has güýçli duýaryn" diýip beýan etdi. 


Etiketkalar: #synag , #test , #Kovid-19 , #Donald Tramp

Degişli Habarlar