Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň Sari Pul we Nangarhar welaýatlarynda guralan bombaly hüjümlerde asuda ilatdan 9 adam ýogaldy

1484362
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

 

Sari Pul welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Amani, metbugata beren beýanatynda, welaýatyň Sançarak etrabynyň Gajwai obasynda öýleriň birine ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde asuda ilatdan 6 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Amani hüjümde şeýle hem 2 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi. 

Nangarhar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Ataullah Hogýani bolsa, Paçiragam etrabynda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, asuda ilaty daşaýan ulagyň sebitden geçip barýarka partlandygyny aýan etdi. 

Hogýani hüjümde asuda ilatdan 3 adamyň ýogalandygyny, 1 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Hüjümleriň jogapkärçiliklerini öz üstlerine alan ýok. 



Degişli Habarlar