Liwan üçin 252,7 million ýewrolyk kömek

Beýrut portunda 4-nji awgustda bolan partlamada 158 adam ýogaldy, 6 müňe golaý adam hem ýaralandy

1469933
Liwan üçin 252,7 million ýewrolyk kömek

 

Fransiýanyň we BMG-nyň öňbaşçylygynda geçirlen “Beýrudyň we liwanyň halkyna halkara goldaw” konferensiýasynda Beýrut üçin 252,7 million ýewrolyk kömek ýygnaldy.

Elysse köşgünden berlen beýanata görä, Liwanyň paýtagty Beýrutda bolan partlamadan soň geçirlen konferensiýada Beýrurt üçin 252,7 million ýewrolyk kömek ýygnaldy.

Konferensiýa gatnaşan liderler “Şol kömegiň BMG-nyň ýolbaşçylygynda liwanyň halkyna aç-açan ýagdaýda ýetirilmelidigini” belledi.

Liderler, şol bir wagtda partlama hakynda gozgalan işiň giň gerimli ýagdaýda dowam etdirilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Beýrut portunda 4-nji awgustda partlaýjy maddalarynyň saklanýan ammaryndaky ýangyndan soň bolan partlamada 158 adam ýogaldy, 6 müňe golaý adam hem ýaralandy.


Etiketkalar: #partlama , #ýardam , #Liwan

Degişli Habarlar