Tramp Kovid-19-yň Uhan şäherinde ýüze çykandygyny subut edýän delilleriň bardygyny öňe sürdi

Donald Tramp, Ak Tamda "Ýaşulylaryň goralmagy" temaly geçirilen maslahatda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berdi

1408965
Tramp Kovid-19-yň Uhan şäherinde ýüze çykandygyny subut edýän delilleriň bardygyny öňe sürdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, täze görnüş koronawirusyň (Kovid-19) Hytaýyň Uhan şäherindäki laboratiriýadan çykandygyny subut edýän subutnamalary görendigini, emma häzirki wagtda olar barada jikme-jik maglumat bermejekdigini habar berdi.

Donald Tramp, Ak Tamda "Ýaşulylaryň goralmagy" temaly geçirilen maslahatda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berdi. 

Kovid-19-yň Uhan şäherindäki laboratoriýalaryň birinde ýüze çykandygy bilen bagly öňe sürmeler bilen baglanşykly Trampa: "Uhan Wirusologiýa institutynyň wirusyň gözbaşydygy barada sizde ynam döreden bir subutnama gördüňizmi?" soragyna, "Hawa, gördüm" diýip jogap berdi. 

Metbugat işgärleriniň bu babatdaky beýleki soraglaryna bolsa Tramp: "Hytaý muny bilkastalýynmy ýa-da bilmän edenligini derňemek üçin ylmy-derňew işgärlerimiz munyň üstünde işleýär. Size häzirki wagtda mundan artykmaç zat aýdyp bilmerin" diýip belledi. 

Tramp Kovid-19 epidemiýasy babatynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyny tankyt edip: "Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy öz-özünden utanmaly, sebäbi Hytaýyň agentligi ýaly işleýär. Biz her ýyl bu gurama 500 million dollar pul berýän bolsak, Hytaý ýylda diňe 38 million dollar töleýär. Az ýa-da köp tapawudy ýok. Adamlar öz eden uly ýalňyşlary bilen dünýäde ýüz müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp boldy, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň bu ýerde bahanasy ýokdyr" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #Hytaý , #wirus , #Uhan , #Donald Tramp

Degişli Habarlar