Hytaý Kovid-19-yň Uhandaky laboratoriýadan çykandygy baradaky öňe sürmeleri ret etdi

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Geng Şuan mesele bilen bagly beýanat berdi

1408985
Hytaý Kovid-19-yň Uhandaky laboratoriýadan çykandygy baradaky öňe sürmeleri ret etdi

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Geng Şuan, düýn Uhan Wirusologiýa institutynda beren beýanatynda, institutyň Kovid-19-y döretmek ýaly mümkinçilige eýe bolmandygyny we muny hiç wagt etmändigini habar berdi. 

Institutdaky laboratoriýanyň, islendik bir patogen syzmanyň öňüni aljak bio-howpsyzlyk çärelerini doly ýagdaýda berjaý edýändigini aýdan Geng, öňe sürmeleriň esassyz we doly ýagdaýda toslamadygyny belledi. 

Geng, wirusyň gözbaşynyň nirden gelendigi baradaky meseläniň doly ýagdaýda ylmy bir meseledigini, alymlar we hünärmenler tarapyndan derňelmelidigini habar berdi. 

Amerikaly syýasatçylaryň Hytaýyň global epidemiýanyň jogapkäridigi baradaky beýanatlaryny tankyt eden Geng, ABŞ-nyň wagtyny epidemiýany has gowy ýagdaýda gözegçilik astyna almak üçin sarp etmelidigini nygtady. 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Kovid-19-yň Hytaýyň Uhan şäherindäki laboratoriýadan çykandygy bilen bagly subutnamalar görendigini, emma ony häzirki wagtda jikme-jik ýagdaýda aýdyp bilmejekdigini habar berdi. 


Etiketkalar: #Uhan , #Kovid-19 , #Hytaý

Degişli Habarlar