Saud Arabystanynyň howpsyz gullugynda ýolbaşçy wezipeden işlän ozalky resmisi Kanada ýerleşdi

Saud Arabynynyň ozalky ýokary derejeli howpsyzlyk resmisinin Mirasdüşer Şazada Muhammed bin Salmanyň basyşyndan gaçyp Kanada ýerleşendigi habar berildi

1376972
Saud Arabystanynyň howpsyz gullugynda ýolbaşçy wezipeden işlän ozalky resmisi Kanada ýerleşdi

Merkezi Britaniýada ýerleşýän “Middle East Eýe” internet sahypasynyň habar bermegine görä arabystanly howpsyzlyk resmisi Saad el-Jabri Mirasdüşer Şazada Muhammed bin Salmandan gorkup, ýurtdan gaçdy.

Jabri Saud Arabystanynda geçen hepde tussag edilen ozalky Mirasdüşer Şazada we İçeri işler ministri Muhammed bin Naýife geňeşdarlyk edipdi.

Habarda maglumat alynan çeşmeler Jabriniň Saud Arabystanyndan gitmeginiň aňyrsynda golaýda tussag edilen Bin Naýife wepalylygynyň, İçeri işler ministrligindäki prosedurany gowy bilmeginiň we eýe bolan şahsy baýlygy sebäpli nyşana alynma howpynyň bardygyny beýan edendikleri nygtalýar.

Çeşmelerden biri bolsa Jabriniň Kanada-da Muhammed bin Salmandan gorkuly habarlary alýandygyny we Saud Arabystanyna güýç bilen alynyp gidilmekden gorkýandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar