Owganystanda iki amerikan esger ýogaldy

NATO-nyň çäginde iş alyp baran amerikaly 2 esger, Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynda bolan partlamanyň netijesinde ýogaldy

1339257
Owganystanda iki amerikan esger ýogaldy

Owganystandaky NATO güýçlerinden berilen beýanatda, Kandagarda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, ABŞ-nyň esgerleriniň şol ýerden geçýän mahaly partlandygyny habar berdi. 

Beýanatda ABŞ-ly 2 esgeriň ýogalandygy, 2-siniň bolsa ýaralanandygy aýan edildi. 

Kandagaryň gubernatory Haýatullah Haýat metbugata beren beýanatynda, partlamanyň Kandagaryň Dand etrabynyň Hakber Kariz diýilen ýerinde bolandygyny mälim etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy. 

 



Degişli Habarlar