Donald Tramp G7 Liderler maslahatynyň çäginde beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, G7-ä agza ýurtlaryň adyndan Eýrana ýetiriljek ýüzlenme bilen bagly jedelleşige girmändigini, emma ýüzlenmä päsgel hem bermejekdigini aýan etdi

1258255
Donald Tramp G7 Liderler maslahatynyň çäginde beýanat berdi

Tramp, Fransiýanyň Biarris şäherinde geçirilýän G7 Liderler maslahatynyň çäginde, Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo we Ýaponiýanyň Premýer ministri Sinzo Abe bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Sinzo Abe bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Tramp, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň G7-ä agza ýurtlaryň adyndan bir ýüzlenme berip-bermejekdigi bilen bagly soraga: “Ýok, olar ýaly meseläni jedelleşmedim” diýip jogap berdi.

“Makronyň Eýran bilen edýän gatnaşygyna goldaw berýäňizmi?” soragyna Tramp: “Elbetde, goldaýaryn. Premýer ministr Abeniň hem gatnaşyklaryny goldaýaryn, sebäbi ol hem Eýran bilen gepleşikler geçirýär we meniň bilişim boýunça örän gowy gatnaşyklary bar. Emma Eýran 2,5 ýyl ozalky ýaly Eýran däl. Biz hem öz gezegimizde gepleşikler geçireris, emma adamlaryň gürrüňleriniň öňüne geçip bilmerin. Gürrüň etmek isleseler, gürrüň edip bilerler” diýip jogap berdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif, düýn garaşylmadyk ýagdaýda G7-ä agza ýurtlaryň liderleriniň 45-nji maslahatynyň geçirilýän ýeri bolan Fransiýanyň Biarris şäherine barypdy.

Beýleki tarapdan Russiýanyň G7-ä ýaňadandan goşulmagy bilen bagly soraga jogap beren Tramp: “Bu dowam edýän bir mesele. Käbir ýurtlar Russiýany ýaňadandan G7-de görmek isleýär. Meniň pikirimçe bu ençeme ugur boýunça peýdaly bolar. Meniň pikirimçe gowy bolardy. Käbirleri meniň bilen bir pikirde. Bu entek maslahatlaşylýan bir mesele” diýip belledi.



Degişli Habarlar