Nigeriýada terrorçylykly hüjüm guraldy
Günbatar Afrika ýurdy Nigeriýanyň demirgazyk-gündogarynda terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan hüjümde 23 adam ýogaldy
1243872
Milli metbugatda berilýän habarlara görä, guramanyň agzalary ýurdyň Borno ştatynyň Nganzai obasynda bir jynaza çäresinden gaýdyp gelýänlere garşy od açdy.
Hüjümde 23 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.
Resmiler ýogalan adamlaryň artmagyna alada bildirýär.
Nigeriýada 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri barlygyny dowam etdirýän terror guramasy Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guran hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.
Degişli Habarlar
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen Palestinaly toparlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 225 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.