"Diwar pikiriniň orta asyrdan galan çäredigini kabul edýärin"

Tramp diwar meselesinde demokratlar bilen jedelleşdi

1122796
"Diwar pikiriniň orta asyrdan galan çäredigini kabul edýärin"

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Kongresiň tejribeli Demokrat agzalarynyň arasynda hökümetiň açylmagy üçin geçirlen gepleşikler netije bermedi.

Senatda Respublikan partiýasyna agza senatorlar bilen günorta naharynda duşuşan Tramp, soň bolsa Meksika serhedinde örülmegi meýilleşdirilýän diwar we hökümetiň işiniň şol sebäpli bes edilmegi hakynda beýanat berdi.

Diwaryň gurulmagy üçin zerur bolan 5,7 milliard dollarlyk bujete garşy çykan Demokratlary tankyt eden Tramp, diwar pikiriniň orta asyrdan galan çäredigini kabul edýändigini emma peýdanlydygyny öňe sürdi.

Tramp soň bolsa 20 günden bäri işleri saklanan hökümetiň açylmagy meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin  Amerikan senadynyň Azlyklardan jogapkär lideri Şumer we Wekiller mejlisiniň başlygy Pelosi bilen Ak Tamda duşuşdy.

Prezident Tramp duşuşyk hakynda Twitter arkaly beren beýanatynda duşuşygyň netijesiz geçendigini belledi

Duşuşykdan soň Ak Tamyň öňünde metbugata beýanat beren Demokrat lider Şumer bolsa bujet teklibiniň kabul edilmändigi sebäpli Trampyň duşuşy taşlap çykandygyny aýtdy.

 

 


Etiketkalar: #diwar , #netijesiz , #jogapkär

Degişli Habarlar