ABŞ; “Eýranyň hökümeti Yragyň özygtyýarlylygyna sarpa goýmaly”

Bu barada ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygyndan twitter arkaly berilen beýanatda aýdylýar

1078597
ABŞ; “Eýranyň hökümeti Yragyň özygtyýarlylygyna sarpa goýmaly”

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygy Eýrana goýlan sanksiýalaryň çäginde resmi Tährana teklip eden 12 şertiniň 6-njy maddasyny ýatladyp; “Eýranyň hökümeti Yragyň özygtyýarlylygyna sarpa goýmalydygyny” beýan etdi.

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygy 4-nji noýabrda güýje girjek sanksiýalar boýunça düýn Twitter arkaly beýanat berdi

Beýanatda; “Sanksiýalaryň güýje girmegine 6 gün galanda Eýranyň adaty döwlet ýaly iş alyp barmagy üçin gerek bolan 6-njy şert: Eýranyň hökümeti Yragyň hökümetiniň özygtyýarlylygyna sarpa goýmaly we şaýy söweşijileriň ýarag taşlamagyna we ýaňadandan jemgyýete uýgunlaşmagyna rugsat bermeli” diýilýär.

Ministrlik resmi Tährana 12 şert goýup, şolar ýerine ýetirilmän halatynda sanksiýalaryň bellenen wagtynda güýje girjekdigini beýan edipdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maý aýynda Eýran bilen 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygyndan çekilýändigini beýan etmeginden soň döwlet Sekretary Maýk Pompeo ýurdunyň resmi Tährandan berjaý etmegini isleýan 12 şerti barada beýanat beripdi.

Pompeo Eýranyň ilki bilen häzirki wagtdaky we ozalky ýadro maksatnamalaryny Halkara Atom Energiýasy Gullugyna habar bermegini hem-de esasy suw reaktorlary bilen bilelikde uran öndürmegi bes etmeldigini aýdypdy.

Pompeo Eýranyň ozalky ylalaşykda beýan edilşi ýaly Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň wekilleriniň ýurtdaky ýadro desgalarynda gözegçilik işlerini alyp barmagyna rugsat bermelidigini we ballistiki raketa synaglaryny bes etmelidigini nygtapdy.



Degişli Habarlar