Owganystanyň Nangarhar welaýatynda düýn guralan hüjümde ýogalanlaryň sany artdy

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda düýn günortan guralan kamikaze hüjüminde ýogalan adamlaryň sany 68-e, ýaralanan adamlaryň sany bolsa 168-e ýetdi

1047971
Owganystanyň Nangarhar welaýatynda düýn guralan hüjümde ýogalanlaryň sany artdy

Nangarharyň Welaýat Saglygy goraýyş müdürliginiň metbugat geňeşçisi Enamullah Miýahil, welaýatyň Dehkai diýilen ýerinde protest geçirýän adamlaryň arasyna girip, üstündäki bombany partlatmagy netijesinde ýaralanan adamlaryň käbirleriniň saglyk ýagdaýlarynyň agyrydygyny, ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok.

Düýn Owganystanyň Nangarhar welaýatynyň Dehkai diýilen ýerinde töwereklerdäki obalardan ýygnanan adamlar öz obalaryndaky harbylaryň eden-etdiliklerini protest edýärdi.



Degişli Habarlar