Eýranda türki kowumdan bolan 14 aktiwist saklandy

Keliber şäheriniň golaýyndaky “Babek galasy” atly ýerde ýygnanşyk geçirmek islän 14 aktiwistiň saklanandygy habar berildi

1005433
Eýranda türki kowumdan bolan 14 aktiwist saklandy

Saklananlaryň arasynda sebitiň tanymal aktiwitlerinden Abbas Lisaniniň hem bardygy aýdylýar.

Aktiwistleriň näme sebäpli saklanandyklary barada maglumat berilmedi.

Eýrandaky türkler uzak ýyllardan bäri Babek galasy atlandyrylan we türklügiň simwoly hökmünde kabul edýän ýerlerinde her ýylyň iýul aýynda etniki şahsyýetleri bilen bagly talaplaryny beýan etmek üçin ýygnanşýardylar.

Soňky ýyllarda bolsa Eýranyň howpsyzlyk güýçleriniň basyşlary sebäpli şeýle duşuşyklar geçirilmedi.

Saklanan aktiwistler şu ýyl ýaňadandan jemlenşmek üçin çagyryş edipdi.


Etiketkalar: #Eýran , #aktiwist , #türk

Degişli Habarlar