Dünýäniň iň garry orangutany Puan 62 ýaşynda ýogaldy

11 çagasy we 54 agtygy bolan Puan, haýwanat bagynyň “uly daýzasy” hökmünde atlandyrylýardy

994965
Dünýäniň iň garry orangutany Puan 62 ýaşynda ýogaldy

1968-nji ýyldan bäri Awstraliýanyň Pert Haýwanat bağynda saklanýan we dünýäniň bilinýän iň garry Sumatra orangutany Puanyň ýaş bilen bagly komplikasiýalar sebäpli ukladylandygy habar berildi.

11 çagasy we 54 agtygy bolan Puan, haýwanat bagynyň “uly daýzasy” hökmünde atlandyrylýardy.

Puan 2016-njy ýylda “dünýäniň iň garry orangutany” hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna giripdi.

Bütindünýä tebigaty goraýyş gaznasy dünýäde 14,600 Sumatra orangutanynyn bardygyny beýan edýär.



Degişli Habarlar