Zimbabweniň Prezidenti wezipesinden çekildi
Zimbabweniň Parlamendiniň metbugat geňeşçisi Ýakop Mubenda ýurdyň Prezidenti Robert Mugabeniň wezipesinden çekilendigini habar berdi
Parlamendiniň metbugat geňeşçisi Ýakop Mubenda Mugabeniň wezipesinden çekilmegi bilen baglanşykly özüne hat iberendigini mälim etdi. Mubenda hatda: “Men Robert Gabriel Mugabe Zimbabweniň konstitutsiýasynyň 96-njy maddasyna laýyklykda wezipämden çekilýärin” diýip ýazylandygyny habar berdi.
Mugabe hatynda wezipesinden çekilmek baradaky kararyny meýletin ýagdaýda berendigini, onuň Zimbabweniň halkynyň asudalygyna bolan aladalaryndan we wezipesiniň meselesiz ýagdaýda geçirilmegi baradaky arzuwy sebäplidigini beleldi.
Mugabeniň wezipesinden çekilmek baradaky haty oňa garşy derňew işini başladan we maslahat dowam eden parlamentde okaldy.
Wezipesinden çekilmek baradaky beýanaty parlamentiň agzalary tarapyndan uly şatlyk bilen kabul edilip, parlamendiň öňünde ýyganan halk hem karara örän begendi.
Beýleki tarapdan Mugabeniň Wise-prezidenti bolup işlän we hökümetiň başyndaky partiýanyň başyna geçen Emmerson Mnangagawanyň 48 sagadyň dowamynda Prezident wezipesini kabul edip aljakdygy mälim edildi.
Degişli Habarlar
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen Palestinaly toparlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 225 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.