Pakistanda täze ministrler kasam edip wezipelerine başlady

Pakistanyň täze Premýer ministri Şahid Hakan Abbasiniň wezipesine başlamagyndan soň täze ministrler hem kasam edip wezipelerine başlady

783864
Pakistanda  täze ministrler kasam edip wezipelerine başlady

Paýtagt Yslamabatdaky Prezident köşgünde geçirlen kasam edişlik dabarasyna Prezident Memnun Hüseýin bilen Premýer ministri Abbasi hem gatnaşdy.

Abbasiniň düýn agşam Ýokary kaziýet tarapyndan wezipesinden çetleşdirlen ozalky Premýer ministr Nawaz Şerif bilen bolan duşuşygyndan soň Ministrler kabinetiniň täze 46 agzasy anyklandy.

Ozalky Goramak ministri Hawaja Muhammed Asif  Daşary işler ministri boldy.

Pakistanda 2013-nji ýyldan bäri Daşary işler ministri ýokdy.

Täze Ministrler kabineti Nawaz Şerifiň dogany Penjap welaýatynyň Premýer ministri Şahbaz Şerif premýer ministr bolýança 45 günüň dowamynda wagtlaýyn öz işini dowam etdirer.

Şahbaz Şerif 1,5 aý soň geçiriljek araky saýlawda halk deputatlygyna saýlanan halatynda täze premýer ministr bolar.

 



Degişli Habarlar