Owganystanyň paýtagty Kabulda ýene-de bir kamikaze hüjümi guraldy

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 35 adam ýogaldy

776047
Owganystanyň paýtagty Kabulda ýene-de bir kamikaze hüjümi guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde guralan kamikaze hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 35 adam ýogaldy, 400 adam ýaralandy.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi hüjümçiniň ulagyndaky bombany Kabulyň günbataryndaky awtobus duralgasynda partladandygyny habar berdi.

Awtobus ilatynyň aglaba bölegi şaýy bolan etrapçada ýurdyň Magdan ministrliginiň işgärlerini daşaýardy.

Hüjümiň jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy.

Owganystanyň ençeme syýasy lideri paýtagt Kabulyň günbatarynda ýaşaýar.

Şol adamlaryň arasynda Hazaralaryň lideri Muhammed Muhakik hem bar.



Degişli Habarlar