Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1696887
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany Beýik Britaniýa): Günbatar Şerianyň demirgazygynda ysraýylly esgerler tarapyndan öldürilen 15 ýaşyndaky palestinaly ýaş oglan jaýlandy.  

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany Beýik Britaniýa): Alžiriň diplomatik gatnaşyklaryny kesmegi sebäpli Marokko: "Bu hadysalara gynanýarys we geçmegini umyt edýäris" diýip habar berdi. 

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Katar, kyn ýagdaýda galan adamlary Owganystandan ewakuasiýa etmek üçin möhüm geçiş nokady bolup durýar. 

tagesschau.de: Germaniýanyň Iş üpjünçiligi gullugynyň başlygy Detlef Şeele, Germaniýanyň ýylda 400 müň bosguna mätäçliginiň bardygyny belläp, hökümete has köp bosgun almak barada çagyryş berdi. Şeele: "Germaniýanyň iş güýji gutaryp barýar" diýip belledi. 

Welt.de: G7 maslahat: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel: "ABŞ bolmadan Kabuldan ewakuasiýalara dowam edip bilmeris" diýip nygtady. 

Deutsche Welle: Taliban, owganlaryň ýurtdan çykmagyna rugsat bermejekdigini aýan etdi. 

Le Parisien: Kowid-19: Geçirilen täze ylmy-derňewe görä, Pfizer we Moderna kärhanalarynyň sanjymlarynyň koronawirusyň Delta görnüşine garşy täsirliligi 66 göterime çenli peseldi. 

Le Figaro: Bütindünýä Banky, Owganystana kömeklerini togtatdy, zenanlaryň ýagdaýyna alada bildirýär. 

Le Monde: Fransiýanyň Martinika adasynda Kowid-19-a garşy göreş maksady bilen karantin düzgüni ýene-de 3 hepdeligine uzadyldy. 

La Wanguardia (Ispaniýa): ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, tankydy belliklere garamazdan 31-nji awgustda Kabuldan dolulygyna çekiljekdiklerini belledi. 

Infobae (Argentina): Urugwaý döwletiniň 70 göterimi Kowid-19-yň ilkinji dozasyny etdirdi. 

Gazeta.ru: Katardaky Talibanyň ofisiniň wekili, Talibanyň Russiýa we Hytaý bilen gatnaşyklarynyň gowudygyny beýan etdi. 

Regnum agentligi: Russiýanyň döwlet bergisi 2021-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda 20,4 trillion rubla ýetdi. 

TASS agentligi: Russiýanyň  Goranmak ministrligi, ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň buýrugyna laýyklykda Russiýanyň, Ukrainanyň we Kollektiw Howpsuzlyk guramasyna agza ýurtlaryň 500-den gowrak raýatyny Owganystandan çykarar. 


Etiketkalar: #habar , #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar