Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1693829
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Düstur (Iordaniýa): Owganystandan çekilmeginden soň, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň we ýurdunyň meşhurlygy peseldi. 

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany Beýik Britaniýa): Owganystanyň ozalky Prezidenti Aşraf Gani, BAE-de beren ýüzlenmesinde gan dökülmeginiň öňüni almak üçin Kabuldan çykandygyny belledi we ýany bilen pul alyp gidendigi baradaky öňe sürmeleri ret etdi. 

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany Beýik Britaniýa): ABŞ-nyň esgerleri Kabul howa menzilinde adamlary gözegçilik astyna almak üçin ýokary od açdylar. 

zdf.de: Germaniýa Owganystandan 600-den gowrak adamy çykardy. 

dpa.de: ABŞ: "Asuda ilatyň çykarylmagy üçin Taliban bilen ylalaşyk gazanyldy" diýip habar berdi. 

ard.de: ABŞ-da 3-nji doza Kowid-19 sanjymy 20-nji sentýabrda başlar. 

El País (Ispaniýa): Italiýan mafiýasy 2-nji salgy hökmünde Ispaniýa ýerleşdi. 

La Jornada (Meksika): Meksikanyň hökümeti Eýrandaky ilçihanasynyň üsti bilen owgan bosgunlary kabul etmek üçin işe girişdi. 

El Komersio (Peru): Kolumbiýaly hakyna tutma harbylar Gaitiniň Döwlet baştutanyny nädip öldürendiklerini düşündirdiler, jenaýat bilen bagly ähli zady kabul etdiler. 

Le Parisien: Kowid-19: Alžir we Marokko şenbe gününden başlap Fransiýanyň gyzyl sanawynda bolar. 

Le Figaro: Fransiýanyň War sebitinde ýangyn: Ýel we gurakçylyk ýangyn söndürijileriň işlerini kynlaşdyrýar. 

France 24: Kowid-19: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy 3-nji doza sanjymyň häzirlikçe gerek bolmandygyny habar berdi. 

Lenta.ru: Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, şu hepdäniň ahyrynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Owganystan bilen bagly gepleşikler geçirip biljekdigini mälim etdi. 

Rossiýskaýa Gazedi: Russiýanyň Daşary işler ministrligi, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň delosyny meýilleşdirilen prowokasiýa hökmünde häsýetlendirdi. 

RIA Nowosti: Russiýanyň Astrahan sebitinde tälim uçuşyny amala aşyrýan MIG-29 kysymly uçar ýere gaçdy. 


Etiketkalar: #metbugat , #gazet , #habar , #dünýä

Degişli Habarlar