Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1693086
Daşary ýurt metbugatyna syn

France 24: Fransiýada Saglygy goraýyş edaralarynyň resmilerinden alynan maglumata görä, sişenbe güni Kowid-19-a ýolugan takmynan 2 müň adam hassahanalaryň reanimasiýa bölümine geçirildi. Bu görkeziji iýun aýynyň ortasyndan bäri iň ýokary görkeziji hökmünde hasaba alyndy. 

Le Figaro: Şweýsariýanyň ilatynyň ýarsyndan gowragy Kowid-19-a garşy sanjym etdirdi. 

Le Monde: Fransiýanyň War sebitinde ýüze çykan tokaý ýangynlarynda iň erbet ssenariýniň öňi alyndy, emma entek söweş dowam edýär. 

Aldustour: Russiýa koronawirus epidemiýasyna garşy 5-nji sanjymyny oýlap tapdy. 

Alraýa: Kataryň Emiri Temim bin Hamed As-Sani we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar. 

Alkudus alarabi: Katar Talibanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirip, Owganystanda ylalaşykly we hemmtaraplaýyn çözgüde ýetmegiň gerekdigini belledi. 

El Pais (Ispaniýa): Peruda ýurdyň Döwlet baştutany Pedro Kastillo tarapyndan bellenen Daşary işler ministri Gektor Bežar, wezipesinde 19 gün galanyndan soň wezipesinden çekildi. 

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes, sanjym maksatnamasyna hökümetdäki oňuşyksyzlyk sebäpli ýetip bilmedi. 

TeleSur (Wenesuela): Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro, hökümet bilen oppozisiýanyň arasynda Meksikanyň paýtagty Mehiko şäherinde geçirilen gepleşikleriň netijesinde, üstünde ylalaşan Dialogy goldamak ylalaşygynyň Milli mejlis tarapyndan tassyklanmagyny we Resmi gazetde çap edilmegini, sosial media hasabynyň üsti bilen paýlaşan haty bilen gutlady. 

Spiegel.de: Germaniýanyň hökümeti, Taliban bilen gönüden duşuşyk geçirer. Germaniýa özüniň Kabul şäherindäki ilçihanasynda işleýän owgan işgärleriniň ýurtdan çykarylmagy üçin Taliban bilen gepleşikler geçirmek isleýär. 

Deutsche Welle: Germaniýada iş orunlary ýaňadandan köpelmäge başlady. 

Süddeutschen Zeitung: Ýewropa Bileleşiginden Owganystandaky hadysalar bilen bagly beýanat: "Taliban bilen gepleşikler geçirmäge mejbur galarys" diýip belledi. 

Lenta.ru: Birleşen awiasia kärhanasy Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheriniň golaýynda ýere gaçan Il-112B kysymly uçaryň ekipažyndan halas bolan adamlaryň bolmandygyny tassyklady. 

RIA Nowosti: Russiýanyň Komunist partiýasy, Milli mejlise ozalky hormatly dynç alyş ýaşyna gaýdyp gelinmegi üçin kanun taslamasyny hödürledi.

Regnum Agentligi: ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, Russiýanyň Owganystanda galan amerikan harby enjamlaryny alyp biljekdigini habar berdi. 


Etiketkalar: #agentlik , #habar , #dünýä

Degişli Habarlar