Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1689936
Daşary ýurt metbugatyna syn

France 24: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron saglyk krizisiniň demokratik ýagdaýda dolandyrylýandygyny beýan etdi. 

Le Soir: Bannu atly asteroid dünýä üçin howpmy? NASA hasaplamalaryny gözden geçirdi: "Bannu Gün sistemamyzda bar bolan iň howply 2 asteroidiň biridir" diýip belledi. 

Le Monde: Alžiriň demirgazygynda dowam edýän ýangynlarda 69 adam ýogaldy. 

Al-Dustur (Iordaniýa): Ysraýyl 2021-nji ýylyň başyndan bäri Gündogar Iýerusalimde 81-den gowrak öýi ýumurdy. 

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): Ysraýyl we Marokko, Marokkonyň paýtagty Rabat şäherinde hyzmatdaşlyk we syýasy geňeşmeler ylalaşygyna gol çekişdiler. 

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Kataryň Emiri Şeýh Temim bin hamed Al Sani, täze ilçileriň bellenmegi bilen bagly karara gol çekdi. 

Bild.de: Berlinde içalylyk dartgynlygy: Beýik Britaniýanyň Berlindäki ilçihanasynyň işgäri Russiýanyň peýdasyna içalylyk etmek bilen aýyplanyp, göz tussaglygyna alyndy. 

Handelsblatt.de: Dünýäniň iň uly porty Ningbo ýapyldy. Şanhaý şäheriniň golaýyndaky port, koronawirusa ýolugan bir adam sebäpli ýapyldy. 

La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýa özi tarapyndan oýlanyp tapylan Kowid-19 sanjymynyň synagdan geçirilmegine rugsat berdi. 

Infobae (Argentina): Owganystan: Taliban 9 welaýatyň merkeziniň gözegçiligini ele geçireninden soň, 1 aýyň içinde ýurdyň paýtagty Kabuly gabap biler we 90 günüň içinde häkimiýetiň başyna geçip biler. 

Telesur (Wenesuela): Gaitide umumy saýlawlar 7-nji noýabra yza süýşürildi. 

TASS: Düzüminde 13 syýahatçy we 3 ekipaž bolan Mi-8 kysymly dikuçar Kamçatkada köle gaçdy. 

Kommersant: Çehiýa Respublikasy Russiýanyň goranyş önümleriniň iň uly importçysy boldy. 

Izwestiýa: Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Ýewgeniý Ziniçew, ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň buýrugyna laýyklykda Ýakutiýada dowam edýän tokaý ýangynlarynyň başdan geçirilýän sebitine gitdi. 

 


Etiketkalar: #agentlik , #gazet , #habar , #dünýä

Degişli Habarlar